Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat forumynda eden çykyşynda Türkmenistanyň häzirki wagtdaky dünýä meselelerine durmuşa ukyply, hakyky ýagdaýa görä çemeleşilmegi üçin ýeke-täk serişde hökmünde dialog esasynda parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjyny öňe sürmek bilen, syýasatyň we diplomatiýanyň, jemgyýetçilik pikiriniň, taryhy tejribäniň, toplanan ynsanperwer, medeni mirasyň ähli mümkinçiliklerini has işjeň we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyndan ugur alýandygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýä bileleşiginiň, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna, çäk ölçegine, ilat sanyna, beýleki ýagdaýlara garamazdan, ähli döwletleriň mümkinçiliklerini oňyn derejede utgaşdyrmaklarynyň syýasy pähim-paýhasy, erk-islegi hem-de öz garaýyşlaryna ygrarlylygy talap edýändigini, häzirki wagtda hemmeleriň dünýäniň geljegi üçin jogapkärdigini belledi.
Gahryman Arkadag köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýörelgelere eýermegiň parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün etjekdigini, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadag halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldawa öwrülmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda parahatçylyk we ynanyşmak taglymatyny ilerletmegiň, adaty diplomatiýadan başga-da, gepleşikleri geçirmegiň parlament ýollarynyň peýdalanylmagyny, zenanlar, ýaşlar diplomatiýasynyň netijeli ulanylmagyny talap edýändigini nygtady.
"Biziň ýurdumyz munuň üçin köp tagalla edýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz çäginde bu ugurda iri çäreleri, şol sanda wekilçilikli halkara hem-de sebit derejeli forumlary geçirdi. Şunda syýasy çözgütleriň kabul edilmegine täsir etmegiň goşmaça gurallaryna eýe bolan halk diplomatiýasynyň resmi diplomatiýa üçin möhüm goldaw bolup biljekdiginden hem-de şeýle bolmalydygyndan ugur alýarys" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Şeýle-de Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerini diňe döredijilikli maksatlar üçin ulanmaga çagyrdy.
"Hormat goýmaga esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklaryň alnyp barylmagynda maglumat dialogyna wajyp orun degişlidir. Bu ugra biz parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň, Türkmenistanyň birnäçe ýyl mundan ozal öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» ählumumy başlangyjynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýarys. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe döredijilikli maksatlar üçin peýdalanylmalydyr" diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri munuň üçin kiberjenaýatçylygyň hem-de metbugat giňişliginde göz-görtele ýalan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňünde berk böwet goýulmalydygyny nygtady.