Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap alyp, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşiginiň örän ýokary syýasy goldawy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bitaraplyk Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen ýurdumyza daşary syýasat strategiýasy boýunça giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş babatda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýän we jebisleşdirýän başlangyçlary öňe sürmek hem-de durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyzyň iň täze taryhyna şan-şöhratly sahypalar ýazylyp, Bitarap ýurdumyz dünýäde ygtybarly hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren halkara başlangyçlary bilen Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna hem-de bu guramanyň düzümlerine agzalyga saýlandy” diýip döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.
“Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ata Watanymyzyň binýadynyň baş sütünleridir, ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Biz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, Bitarap ýurdumyzyň iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, kuwwatly, demokratik, hukuk döwleti bolmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri amala aşyrýarys. Mähriban halkymyzyň gurujylyk we döredijilik güýji, watansöýüjilik buýsanjy bilen täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşygyny depginli dowam etdirýäris, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döredýäris. Bütin dünýäde abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň bähbidine gönükdirilen bu işler Bitarap Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ykrar etdirip, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna giň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyza berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagtyýarlyk, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.