11-12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriň giň gerimli sergisi geçiriler

Aşgabatda 11-nji we 12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň giň gerimli sergisi geçiriler.

Söwda-senagat edarasynyň meýdançasy milli pudaklaryň mümkinçilikleriniň görkeziljek ýeri bolar, bu bolsa telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmäge we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga hyzmat eder.

Sergä gatnaşmaga we görmäge Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň gyzyklanýan hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Sergi şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Çandybil şaýoly, 143. Iş tertibi: 11-nji dekabr — sagat 11:00-dan 18:00-a çenli; 12-nji dekabr — sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.


Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem