Aşgabatda 8-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Girts Ýaunzemsiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ilçi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, türkmen tarapy diplomatyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen işinde ählitaraplaýyn ýardamy we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ymtylmasyny tassykladylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen tarapyna mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.