Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
«Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýeten belent sepgitlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.