Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Ahal welaýatynyň häkimi Toýguly Nurmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.
Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, 2026-njy ýylyň hasyly üçin meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Daşoguz welaýatynyň häkimi Döwletgeldi Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar.
Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak maksady bilen, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.
Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle-de geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, kabul ediş nokatlarynda bökdençsiz kabul etmek babatda-da degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem häkimler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Soňra wise-premýer Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek tabşyrdy.