Daşkende 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy — “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurmak dabarasy geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyza Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle çözgüdiň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa goýulýan hormatyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, özara ynanyşmagy, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlarynyň Özbegistanyň halky tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanydyr.
“Siz görnükli döwlet işgäri hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, meniň gadyrly doganym Gurbanguly Berdimuhamedowyň işini mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Ozal hem belleýşim ýaly, ýurduňyzda adamlaryň abadan durmuşynyň ygtybarly binýadyny döredýän giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Men her gezek doganlyk Türkmenistana baranymda, Siziň baştutanlygyňyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň şaýady bolýaryn” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak baradaky kabul edilen çözgüt üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bu sylagy Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, köpasyrlyk türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.