Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 10-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ahal welaýatynyň häkimi Toýguly Nurmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak babatda zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň babadaýhanlary pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak boýunça ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi Döwletgeldi Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimize welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Soňra häkim welaýatda şu günler sebitiň gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýändigini aýtdy. Ýygym möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine, ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Sebitde bugdaý ekişi doly geçirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar.
Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýew sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýändigini aýtdy. Ýygnalan hasyl kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär. 2026-njy ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işlerine girişildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça degişli işler dowam edýär. Möwsümde ulanylýan kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatdaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, welaýatlaryň häkimleri medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň çäklerinde gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň, önümçilikde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýändigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda 2026-njy ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri möwsüme doly taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmegi, Lebap welaýatynda şaly hasylynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky binalarda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi, medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.