Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary Türkiýe Respublikasy Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

Ankarada 5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplarynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezident Milli kitaphanasynyň gaznasyna sowgat bermek dabarasy geçirildi.

Çäre Türkmen edebiýatynyň we döredijiliginiň hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnaldy. Dabara Türkiýäniň döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, belli alymlar we edebiýatçylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sowgat berilen Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy işlerinde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, Türkmenistanyň medeni mirasynyň esasyny düzýän çuňňur pelsepewi we ynsanperwerlik pikirler beýan edilýär. Bu kitaplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant bolup hyzmat edýär.

Dabarada çykyş edenler, bu çäreniň iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýandygyny hem-de halklaryň umumy taryhy we medeni köklerini birleşdirýändigini aýratyn nygtadylar.

Mundan başga-da, Prezident Milli kitaphanasyna türkmen halkynyň baý ruhy mirasynyň, taryhynyň, edebiýatynyň, sungatynyň, däpleriniň hem-de häzirki döwürde gazanan üstünlikleriniň giňden şöhlelendirilýän dürli kitaplar we ylmy neşirler sowgat berildi. Bu çäre milli gymmatlyklaryň dowamlylygy hem-de Türkmenistanyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşýan goşandyny görkezýär.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti

Şeýle hem