Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylyk bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 3-nji noýabrda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramçylyklary bilen gutlady.

“Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ykdysady strategiýamyz esasynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Türkmenistan dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulyşýar. Beýleki pudaklar bilen birlikde, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Täze taryhy eýýamda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär. Milli we döwlet maksatnamalarynyň, sebit, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmeginde bu topluma uly orun degişlidir”, - diýip Döwlet baştutanymyz aýrdy.

“Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika pudagy hem möhüm orny eýeleýär. Bu pudagyň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir. Berkarar döwletimiz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlara ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.

Döwlet baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň gurluşyk, senagat toplumynyň pudaklaryny ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem