Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 27-nji oktýabrynda «Türkmenistan bilen tanyşlyk: onuň daşary syýasaty, medeni mirasy we syýahatçylyk mümkinçilikleri» atly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew öz çykyşynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara forumyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, halklaryň arasyndaky dialogy we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.
Ilçi Durdyýew koreý tarapyny we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny bu foruma öz ýurtlarynyň iň ýokary derejede işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge çagyrdy we forumyň parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça ýokary derejede gepleşikler üçin global platforma bolup hyzmat etjekdigini nygtady.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen tanyşdyrýan ýörite kitap sergisi hem guraldy.
Mundan başga-da, türkmen Ak öýüniň içinde halkymyzyň senetçilik sungatynyň, onuň baý ruhy we medeni mirasyny görkezýän türkmen halylarynyň, nagyş-bezegleriniň hem-de medeni-çeperçilik sergisi guraldy.