Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa resmi saparynyň çäklerinde 25-nji oktýabrda ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Italiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň Jemgyýetçilik radiotelewideniýe kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň Gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda Bilelikdäki Jarnama bar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Italiýanyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.