Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimize öz çykyşynda ilki bilen, bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi.

Döwlet baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüş üçin ileri tutulýan ugurlary we strategik maksatlary barada durup geçdi.

Birinjisi: senagat jemgyýetiniň döredilmegi. Biz ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek boýunça döwrebap kärhanalary gurmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge girişdik.

Ikinjisi: ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak. Gürrüň täze pudaklary döretmek ýa-da bar bolanlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada barýar. Himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda we birnäçe beýleki ugurlarda oňat netijeler gazanyldy.

Türkmenistan täze daşarky bazarlara çykýar, Ýewropadaky we Aziýadaky hyzmatdaşlar bilen kooperasiýany ösdürýär. Munuň özi döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmegi, ýurdumyzy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmegi göz öňünde tutýar. Bu biziň yzygiderli durmuşa geçirýän üçünji strategik maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň tebigy gazy gaýtadan işlemegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagy döretmegi dördünji strategik maksat hökmünde görýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllardan bäri italýan işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, myhmanhana ulgamynda iş alyp barýarlar, gurluşyk we söwda ulgamlarynda birnäçe taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistanda 2008-nji ýyldan bäri iş alyp barýan “Eni” öňdebaryjy italýan nebit kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Italýan kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin enjamlary we serişdeleri getirýärler.

Şu günki duşuşyga Italiýanyň işewür toparlary bilen ýurdumyzyň arasynda uzak möhletli söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagyň hem-de pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Italiýanyň işewür toparlarynyň wekillerini giňişleýin hem-de doly derejeli hyzmatdaşlyga çagyrdy. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem