CNPC Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak niýetini tassyklady

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» XXX halkara maslahatynda we sergisinde CNPC-niň (Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasy) Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça prezidenti Çen Huaýlun çykyş etdi.

Energetika hyzmatdaşlygynyň soňky 19 ýylyna seredip, CNPC-niň wekili Hytaý bilen Türkmenistanyň hasylly netijeleri gazanandygyny, esasanam gaz pudagynda. 2007-nji ýylda esasy ylalaşyklar baglaşylandan bäri, hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça giňeldi — känleri özleşdirmekden («Bagtyýarlyk») we söwdadan inženerçilige çenli.

Iki ýurduň arasyndaky tebigy gaz söwdasynyň umumy möçberi 450 milliard kub metre ýetdi, bu bolsa iki ýurduň ykdysady we sosial ösüşi üçin güýçli itergi boldy. Çen Huaýlun HHR-iň Prezidenti Si Szinpin we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýetilen soňky konsepsiýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki öňdengörüjiliginiň tassyknamasy hökmünde aýratyn belledi.

Geljekde CNPC ähli taraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen gaz zynjyrynyň ähli dowamynda energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga wepalylygyny tassyklady. Kompaniýa durnukly önümçiligi, gazyň gaýtarylyşyny ýokarlandyrmagy we turba geçirijileriň işledilişiniň howpsuzlygyny üpjün edip, özara hereketleri berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirer.


Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly

Şeýle hem