Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 13-nji oktýabrda «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräni Ýaponiýanyň «EKSPO-2025» Bütindünýä sergi assosiasiýasynyň baş sekretary H.Işige açmak bilen, Osakada geçirilen serginiň öz işini üstünlikli tamamlaýandygyny belläp, bu bütindünýä sergisini geçirmekde ýakyndan gatnaşan dünýä ýurtlarynyň milli pawilýonlarynyň ählisine çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Çärede ýylyň dowamynda bu serginiň çäklerinde geçirilen dabaralar we gyzykly pursatlar barada birnäçe wideoşekilli rolikler görkezildi. Mundan başgda, dabarada medeniýet işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi.
Ýapylyş dabarasynyň jemlerinde EKSPO Bütindünýä sergisiniň baýdagy düşürilip, ol «EKSPO-2030» Er-Riýad Bütindünýä sergisini geçirmäge hukuk gazanan Saud Arabystan Patyşalygynyň wekiliýetine hormat bilen gowşuryldy.