Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizi «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen adyň dakylmagy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

“Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen ýurdumyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny halkara derejede ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň giň gerimde gurulmagy buýsandyryjydyr. Hususan-da, Siziň başlangyçlaryňyz bilen Aşgabat şäherinde, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň gurluşyklarynyň meýilleşdirilmegi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň däl, eýsem, bütin halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Bu hünär baýramçylygynyň şanyna «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi bolsa ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitlere ser salmaga mümkinçilik döredýär” , - diýip Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Täze taryhy döwürde dünýä tejribesiniň netijeli özleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi bilen, ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesi ýok edildi. Türkmen lukmanlary Ýaponiýa, Germaniýa, Awstriýa, Türkiýe, Belarus, Koreýa Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlaryň ösen klinikalarynda yzygiderli bolup, öz hünärlerini kämilleşdirýärler.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler halkara derejede ykrar edilýär. Türkmenistan belent halkara münberlerden lukmançylyk diplomatiýasy boýunça möhüm başlangyçlary hem öňe sürýär. Siziň şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň plenar mejlisindäki çykyşyňyzda «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny beýan etmegiňiz hem muny doly tassyklaýar. Ýurdumyzyň ilatynyň saglygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan işleriň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy tarapyndan döwletimize ýörite nyşanyň gowşurylandygy-da guwandyryjydyr”, - diýip türkmen halkynyň Milii Lideri belläp geçdi.

Halk Maslahatynyň başlygy döwlet baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem