Türkmenistanyň Prezidenti Halkara guramalaryň ýanyndaky ýurdyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany tassyklady

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 9-njy oktýabrda hokümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny hödürledi.

Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ugurdaş kanunlaryň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda taýýarlanylyp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Düzgünnama Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalarynyň işini we ygtyýarlyklaryny, beýleki degişli meseleleri düzgünleşdirýär. Şeýle hem onda hemişelik wekilhanalaryň işiniň esaslarydyr maksatlary kesgitlenilýär. Şolaryň hatarynda degişli halkara guramalarda resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary saklamak bilen baglanyşykly wezipeler bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.


Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem