ABŞ-da 22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen dürli ugurlar boýunça alyp barýan köpýyllyk we netijeli strategik hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler.
Mundan başga-da, türkmen tarapy LLDC3-iň çäklerinde işlenip taýýarlanylan çözgütleri we başlangyçlary ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň maýdançasyndan işjeň peýdalanmaga, şol sanda durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek arkaly ulanmaga taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ynanyşmagy berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we durnukly ösüşiň ählumumy gün tertibini ilerletmäge ýardam bermek arkaly BMG-niň ulgamyndaky bilelikdäki işleri giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.