Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň telekeçilerine buýan köküniň goýy ekstrakty, gazlandyrylan mineral suw we alkogolsyz gazlandyrylan içgiler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 7 million 435 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 62 million 500 müň manada deň bolan nebit ýol bitumyny we polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem