Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

“Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde bellenilýän doglan günüňiz mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriňiziň, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin”, - diýip Gahryman Arkadagymyz belledi.

“Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Bagtyýar döwrümiz, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik işler, durmuş taýdan goraglylyk halkymyzy çäksiz buýsandyrýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüşler gazanylýar. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklary güýçli depginde dowam etdirilýär. Ýakynda Siziň gatnaşmagyňyzda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň, Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli tagallalaryň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Siziň döwletli başlangyçlaryňyz bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda täze, döwrebap obalaryň we şäherçäniň, paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň dabaraly açylmagy Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy”, - diýip Halk Maslahatynyň Başlygy belläp geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek döwlet baştutanyny gutlap, oňa berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem