Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
“Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris”, - diýip Putin belledi.
Russiýanyň baştutany türkmen kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Mundan başgada, Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin gutladylar.