Türkmenistanyň DIM-de Türkiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar türkmen-türk gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna garadylar. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara düzümleriň çäklerindäki iki ýurduň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berdiler. Hususan-da, taraplar maddy däl medeni mirasy gorap saklamak we dünýä ýaýmak maksady bilen ÝUNESKO-nyň çäklerinde bilelikdäki işiň ähmiýetini bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem