Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.
“Bu gün biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň we Garaşsyzlyk baýramymyzyň öň ýanynda gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze binalardyr desgalaryň açylyş dabaralarynyň şaýady bolýarys. Gysga döwrüň içinde Ahal welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem uly işler amala aşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi, geňeşligiň edara binasy häzirki wagtda gülläp ösýän türkmen döwletiniň şu günki we ýakyn geljekdäki ýüzlerçe obadyr şäherleriniň nusgalyk keşbidir. Bagtly zamana obasy geňeşligiň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, oba ýaşaýjylarynyň medeni-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder. Obanyň gurluşygynyň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr”, - diýip ýurdyň baştutany aýtdy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýan işleriň ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bardyr. Geljekde hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýany amala aşyryp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etdireris.
Halkymyzyň bähbitleri we abadan durmuşy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzda täze taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler hut şu maksatlara gönükdirilýär. Geljekde hem Garaşsyz Watanymyzyň her bir ilatly ýerinde adamlaryň gowy ýaşamaklary, dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertleri döretmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolar”, - diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Ýurduň baştutany watandaşlaryna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.