Türkmenistanyň Daşary işler ministri Katardaky halkara ýygnaklara gatnaşar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 14 sentýabrda Doha iş sapary bilen geldi. Ol Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşar.

Saparyň çäklerinde Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem