Aşgabatda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähi açyldy

Aşgabatda 13-nji sentýabrda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgähiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.

Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem