Türkmenistanyň Prezidenti Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow12-nji sentýabrda Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany ir bilen Aşgabat Halkara howa menzilinden dikuçarda Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesdi we täze binalaryň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.

Döwlet Baştutanymyz ilki serhet birikmesiniň Dolandyryş binasyna bardy we ol ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenilen kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň ähli serhetçileriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerler ýatakhanasynyň binasynda, serhet birikmesiniň naharhanasynda döredilen şertler, şeýle-de ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, ýurduň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar, harby gullukçylaryň harby lybaslarynyň dürli görnüşleri bilen hem tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz soňra toplumyň çäginde bina edilen, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutany täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlaryny gowşurdy. Täze jaýa göçüp gelen bagtyýar maşgala agzalary ýagşy däp-dessurlara eýerip, Türkmenistanyň Prezidentine toý düwünçegini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen hem tanyşdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy Dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, şeýle hem gulluk we durmuş maksatly binalardan ybarat. Olarda serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri döredilipdir. Bu ýerde jemi 144 hojalyga niýetlenilen 4 sany her biri 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy hem-de sport meýdançasy bar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem