Türkmenistanda «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde 7-nji sentýabrda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.

Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 14-si gatnaşdy.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 7-si «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardy.

Ýeňijiler bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2025» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry, degişli şahadatnama we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem