Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan we Hytaý häzirki wagtda hakyky dostlar, strategiki hyzmatdaşlar we pikirdeşler

Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler bilen hytaýlaryň ata-babalarynyň arasynda guralan gatnaşyklaryň häzirki döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk sütüni bolup hyzmat edýändigi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran soňky iş saparynyň dowamynda tassyklandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy köklerine, iň baý medeni, maddy we ruhy mirasyna bolan ygrarlylygy diňe bir içerki döwlet syýasatynyň özeninde bolman, eýsem, halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde-de öz beýanyny tapýar. Bu ikitaraplaýyn türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň tebigatynda we mazmunynda aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistan we Hytaý hemişe dostlugyň we özara ynanyşmagyň taryhy däplerine ygrarlydyklaryny nygtaýarlar. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde gazanylan özara düşünişmegiň derejesiniň hem hoşniýetli goňşuçylyk, hormat-sarpaly gatnaşyklaryň we özara akyl ýetirmäniň müňýyllyklardan gözbaş alýan berk binýadyna daýanýandygyny bellenilýär.

Bitewi Hytaý imperiýasynyň emele gelmeginiň dowamynda onuň türkmenleriň gadymy ata-babalary bolan oguzlar, hunlar, massagetler, parfiýalylar, gök türkler we beýleki halklar bilen iň ýakyn gatnaşyklarda bolandygy mälimdir. Aziýanyň iň iri iki medeniýeti bolan türki we hytaý medeniýetleri hemişe özara baglanyşykda bolupdyrlar, dinastiýa nikalary we ýaranlyk şertnamalaryny baglaşyp, söwda gatnaşyklaryny saklapdyrlar, şeýle hem harby we medeni ugurdaky gazananlary alyşypdyrlar.

Köşk dabaralarynda oguz ilçilerine hytaý imperatorynyň ýanynda orun berlipdir. Hytaý-türk sözlügi düzülipdir, emma, gynansak-da, ol biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir. Hytaýa on müňden gowrak oguz maşgalasy göçüp barypdyr. VIII asyrda oguzlaryň täsiri astynda Hytaýda türki medeniýetine degişli saz, geýim-gejim ýaly zatlara gyzyklanma we ýörgünlilik döräpdir.

Şeýle hem taryhda Hytaýyň imperatoryna “asman atlary” diýlip atlandyrylan meşhur ahalteke atlarynyň iberilendigi hem giňden mälimdir.

Bu mysallar asyrlaryň dowamynda dowam eden syýasy medeniýetleriň özara utgaşmasynyň subutnamalarynyň diňe käbirleridir. Köp babatda bu häzirki döwürdäki türkmen-hytaý döwletara ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň özenini öňünden kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Hytaýyň häzirki wagtda ygtybarly dostlar, strategik hyzmatdaşlar we pikirdeşler bolup durýandygyny, asyrlaryň dowamynda emele gelen aýratyn we özboluşly bu gatnaşyklary çuňňur taryhy esassyz göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýdyňlygy bilen belledi.

Çeşme: Türkmenustanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem