Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary bolup çykyş etdiler

Italiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçisi Toýly Kömekowyň Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda halkara guramalarynyň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, hususan-da pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dürli çäreleri geçirmek we medeni çäreleri guramak boýunça geljekki ädimlere seredilip geçildi.

Rimiň Kapitoliý muzeýinde Gadymy Merwiň we Nusaýyň çäklerinde tapylan özboluşly artefaktlaryň, şol sanda bilelikdki türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalary mahalynda tapylan gymmatly tapyndylaryň sergisini gurnamak meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle-de taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna saparyny guramak meselelerine seretdiler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk we gülläp-ösüş arzuw etdiler hem-de geljekde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygy barada nygtadylar.

Çeşme: Türkmenustanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem