Sloweniýa saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Sloweniýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy gatnaşyklar we ösüş boýunça döwlet sekretary Melita Gabriçiň, şeýle hem ýurdyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça geňeşçisi Damýan Bergantyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Taraplar iň ýokary derejede gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şeýle hem Lýublýanada syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyryny geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň we Sloweniýanyň energetika, ulag, bilim we medeni alyşmalar ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Taraplar halkara platformalarynda, şol sanda BMG-niň düzümlerinde we “ÝB – Merkezi Aziýa” sebitleýin hyzmatdaşlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ilerletmäge bolan meýillerini tassykladylar.
Iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri gurnamaga hem aýratyn üns berildi.
Bäşimowa slowen tarapyny 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.