Hytaýda Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine beýik baha berdiler

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýa saparynyň çäginde ýurdyň Bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.

HHR-yň Bilm ministri haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem