Türkmenistanyň Baştutany Wýetnamyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga ýurdyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnamyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti

Şeýle hem