Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz öz Gutlaglaryny iberdiler.
Dabara watançylyk mazmunly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. “Adyň arşa galdy Arkadag bilen, Arkadagly Gahryman Serdar bilen!” atly bu edebi-sazly çykyş Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan ýerine ýetirildi. Kompozisiýanyň dowamynda uly monitorda halypa şahyr A.Şagulyýewanyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi.
Soňra dabaranyň esasy pursatlary başlanyp, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.
Milli Liderimiziň Gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiziň, çeper söz sungatymyzyň döwrebap däpler esasynda yzygiderli baýlaşdyrylýandygy, ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleriň, halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerimiziň, ilkinji nobatda, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň eserlerinde giňden şöhlelendirilýändigi, bu babatda şahyryň döredijiligine aýratyn ornuň degişlidigi bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz Gutlagynda türkmençilikde 85 ýaşyň goýazylygyň, nurana pähim-paýhaslylygyň hem-de kämilligiň iň belent derejesi hasaplanýandygyny aýdyp, A.Şagulyýewanyň döwrüň sesine ses goşýan, ýurdumyzyň üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri bilen okyjylary mundan beýläk-de begendirjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Şol pursatlarda halypa şahyra Gahryman Arkadagymyzyň iberen ter bägüllerden boglan ajaýyp çemeni gowşuryldy.
Soňra dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda: “Biz Siziň mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerini, döwrümiziň taryhy wakalaryny wasp edip ýazýan goşgularyňyza we poemalaryňyza örän guwanýarys. Siziň ýazýan eserleriňiz ýurdumyzyň ýaş nesillerini watançylyk ruhunda terbiýelemekde, jemgyýetimizde agzybirlik, ynsanperwerlik, halallyk ýörelgelerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir” diýip belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ussat ýazyjy-şahyrlarymyzdan gelýän döredijilik ýoluny dowam edip, türkmen edebiýatynyň has-da kämilleşmeginde G.Şagulyýewanyň hem köpýyllyk yhlasly zähmetiniň bardygyny aýratyn nygtap, onuň türkmen edebiýatynyň gazananlaryny dünýäde giňden wagyz etmäge, daşary ýurtly okyjylary türkmen şygryýeti bilen giňden tanyşdyrmaga hem uly goşandyny goşandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şahyryň ýiti galamyndan çykan ençeme kitaplaryň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrülendigi, bu kitaplarda ündelýän pikirleriň onuň ýürek sesidigi, döwrüň beýik ösüşleriniň joşgunly owazydygy nygtalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz A.Şagulyýewanyň geljekde hem ussat şahyr hökmünde ýaş ýazyjy-şahyrlarymyzy döredijiligiň ak ýoluna ruhlandyrjakdygyna, kämil eserleri bilen bagtyýar halkymyzy begendirip durjakdygyna ynam bildirip, oňa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhunly toýlanýan ýylynda bellenýän ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlag sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny hem dabara gatnaşyjylar dowamly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler. Şol pursatda ussat şahyra hormatly Prezidentimiziň iberen ajaýyp ter çemeni gowşuryldy.
Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. O.Atabaýewa Türkmenistanyň Gahrymany A.Şagulyýewany doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, galamynyň ýiti bolmagyny, mundan beýläk-de döredijiliginiň has-da ösüp, dünýä ýaýramagyny arzuw etmek bilen, onuň ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegine, türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna goşan uly goşandy bilen aýratyn hormata mynasyp bolan şahsyýetlerimiziň biridigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, A.Şagulyýewanyň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine eziz Watanymyz, mähriban halkymyz ýokary baha berdi. “Siz köp sanly döwlet sylaglary bilen bir hatarda, “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ada hem mynasyp bolduňyz. Gazanan bu üstünlikleriňiz buýsanmaga mynasypdyr. Siz Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi hökmünde Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, berkarar ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň özenini ýiti, baý many-mazmunly şahyrana sözleriňiz bilen giň köpçülige üstünlikli ýetirýärsiňiz” diýip, O.Atabaýewa aýtdy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti şahyr A.Şagulyýewanyň her bir şygryna halkymyzyň uly söýgi, gyzyklanma bilen garaşýandygyny belledi we sözüniň ahyrynda şanly günde şahyry ýaş toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. “Goý, ýazýan her bir eseriňiz halkymyzyň kalbynda öçmejek yz galdyrsyn! Her bir günüňiz bolsa üstünliklere we bagta beslensin!” diýip, O.Atabaýewa iň gowy arzuwlar bilen sözüni jemledi.
Şahyra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ajaýyp ter çemen gowşuryldy.
A.Şagulyýewa özüne şeýle belent sylag-hormat bildirilip, iberilen hem-de aýdylan Gutlaglar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýüreginden hoşallygyny beýan etdi hem-de öz döredijiliginde bagtyýar zamanamyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Milli Liderimizi, agzybir halkymyzy, döwlet Baştutanymyzyň saýasynda gazanylýan beýik üstünlikleri hemişe wasp etmegiň özi üçin egsilmez şatlykdygyny buýsanç bilen belledi.
Dabara ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Ussat şahyr A.Şagulyýewanyň sözlerine döredilen, kalplara ruhy lezzet berýän aýdymlary diňläp, dabara gatnaşyjylar ajaýyp waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çykyşlara uly höwes bilen tomaşa etdiler.
Çykyş edenler, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymany J.Saparowa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew A.Şagulyýewanyň ýurdumyzda giňden tanalýan we uly hormata eýe bolan şahyrdygyny nygtap, onuň döredijilik ylhamyna eýe bolup, ata Watanymyzda bolup geçýän ähli möhüm wakalara, amala aşyrylýan özgerişliklere ganatly setirleri arkaly gyzgyny bilen seslenýändigini bellediler. “Onuň goşgularynyň her bir setirinde ene topraga, mähriban halkymyza wepaly bolan şahyryň joşgunly ýüreginiň gürsüldisi duýulýar. A.Şagulyýewanyň döredijiligi türkmen halkynyň agzybirliginde we jebisliginde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. Onuň ähli şygyrlary Watanymyza bolan gyzgyn söýgä beslenip, okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy, olar tanymal estrada bagşylarynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň hem köp bölegini düzýär” diýip, dabaranyň dowamynda çykyş eden meşhur aýdymçylar, ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik işgärleri, žurnalistler, medeniýet we sungat işgärleri biragyzdan nygtadylar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynda Türkmenistanyň resmi wekili L.Öwezgeldiýewa öz çykyşynda şahyryň her bir kitabynyň onuň içki dünýäsiniň öwüşgininiň, ýaşaýşa bolan höwesiniň, mähriban halkyna hem-de halkymyzyň taryhyna bolan çäksiz söýgüsiniň mizemez nyşany bolup durýandygyny belläp, doglan gününiň hormatyna “Türki dünýäde zenan we kelam” atly goşgular ýygyndysynyň dokuz dilde — türkmen, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek, türk, iňlis, fransuz we rus dillerinde çap edilendigini habar berdi. Ol bu kitabyň ilkinji nusgasyny A.Şagulyýewa gowşuryp, şahyryň täze kitabynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halklary, döwletleri we medeniýetleri birleşdirýän özboluşly köpri hökmünde parahatçylygyň owazy bolup ýaňlanmagyny arzuw etdi.
Umuman, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli dabara ýokary derejede geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli medeniýetimize we edebiýatymyza çuňňur sarpa goýulýandygynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň mertebesiniň belende göterilýändiginiň, döredijilik işgärleriniň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerine, olaryň durmuş ýolunda ýeten sepgitlerine mynasyp baha berilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler berkarar Watanymyzda şeýle toýlary, şanly seneleri toýlamaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabaranyň ahyrynda A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli aýdylan gutlaglar we päk arzuwlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdyldy. Şahyr döwlet derejesinde özüne bildirilen şeýle belent hormat-sylagyň milli medeniýetimize we türkmen edebiýatyna uly sarpadygyny nygtady. Şeýle hem ol tüýs ýüreginden çykýan ajaýyp duýgularyny goşgy setirleri bilen beýan etdi. Şygyr setirleri Watanymyza, agzybir halkymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagyşlandy.
Dabara Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr A.Şagulyýewanyň goşgusyna döredilen “Ýaşa, ýaşa, Milli Lider Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” atly ajaýyp aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.