Koreýa Respublikasynyň ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 11-nji awgustda ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň iIçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ji Kýu-Tek özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem