Özbek dramaturgy R.Ezizhojaýewiň “Giýewleriň bäsleşigi” atly spektaklynda maşgala durmuşynyň problemalary barada çeper beýan edilýär. Dilora atly gyza sawçy gelýär. Özem birem däl, ikem däl, birnäçe. Ol sawçylary gyzyň ejesi gurnaýar, Diloradyr kakasy munuň gurnalýanlygyndan bihabar. Diloranyň öz söýüşýän ýigidi bar. Gyzyň kakasy aýalyna bu barada ýatladanda “Onuň halaşýan diýýäni bagşy Welijan, toýda tar çalyp, aýdym aýdyp ýören sergezdan, men oňa gyz bermen, meniň gyzym atly wraç, ol özüne mynasyba äre çykar, men gyzymy baý ýere çykarjak” diýýär. Gyzyň frontçy kakasy aýalynyň gurýan pyrryldaklarynyň garşysyna bir emel oýlap tapýar. Ol aýalyna “Bolýar, seniň aýdanyň bolsun, ýöne gyzymyzy öz öňden gelýän däp-dessurymyz boýunça durmuşa çykaraly, sawçy iberen ýigitleriň haýsy biziň taýýarlan töňňämizi ýaryp bilse, şoňa-da gyzymyzy bereris” diýýär. Ýigitleriň hiç haýsy ýaryp bilmeýär. Ahyry Welijan ol töňňäni ýarýar. Ýaşlar mekirligiň garşysyna mekir ugurtapyjylyk bilen çykyp, öz maksatlaryna ýetýärler.
Mekirlige garşy has hilegärligi ulanmak, has ýiti akyly ulanmak, hatda gödek sadalygyň garşysyna hem özündenem beter sadalygy ulanyp göreşmek gündogar folklorynyň çeper tärleriniň biridir. Muny biz Ependiniň, Aldarkösäniň, Myralynyň degişmelerinde görýäris. Özbek dramaturgynyň bu eserinde-de şeýle: Siz bizi sada görýäňizmi, diýmek bizem şol täri ulanarys diýilýär. Ýöne awtoryň ýene birzady göz öňünde tutandygy görnüpdur. Ol şol sadalygyň üsti bilen tüýs sahna eserini bezeýän hereketli wakany tapypdyr. Synag üçin töňňe çapmakda ýaryşýan ýigitlerden amatly hem zat bolarmy. Ýöne eseriň gahrymany öz gyzynyň ýüreginiň küýsegini inkäredip, baýlyga kowalaşjak bolýana ýalynyň töňňeliginiň üstünden gülýär. Şeýle tär komediýalary, sazly komediýalary diňe bir bezemek bilen çäklenmän, olaryň uzak wagtlap sahnada durmagyna-da, ýatda galyjylygyna-da, tomaşaçynyň ýumora düşünmegine-de ýardam edýär.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄRLER: