Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Döwlet guşy» romany ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda uly orun tapdy hem-de bagtyýar halkymyzyň söýüp okaýan eserine öwrüldi.
Bu ajaýyp eser şu günki abadan hem parahat, bagtyýar döwrümiziň — bagtly zamanamyzyň gadyr-gymmatyna has içgin düşünmäge çagyrýar. Bu sahna oýny türkmenleriň durmuşyndaky ýagdaýlar, türkmen halkynyň baýramçylyklaryna we gündelik durmuşyna mahsus bolan özboluşly milli däp-dessurlar bilen utgaşýar. Sahnadaky keşpleriň bitewiligini, dramaturgiýanyň täsirliligini, sazyň we bezeg serişdeleriniň owadanlygyny özünde jemleýän bu sahna oýnuna milli sahna ussatlary, şeýle hem teatryň ýaş artistleri, köpçülikleýin sahnalarda bolsa talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.
Tejribäniň, ussatlygyň we ýaşlygyň birleşiginden teatr sahnasynda oýnuň esasy ýörelgesi bolan taryhyň, halk hakydasynyň, nesilleriň ruhy bitewiliginiň baglanyşygy öz beýanyny tapýar. «Döwlet guşy» spektaklynyň baş gahrymanlarynda şol häsiýet agdyklyk edýär. Elbetde, agyr günler şol döwrüň çagalaryny ir ulaldyp, akyllaryny çalt goýaltdy. Biz muny spektakla tomaşa edenimizde, şol döwrüň çagalarynyň keşbinde görýäris. Olaryň gözlerinde Watana, halka söýgi aýdyň duýulýar.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄRLER:
1. Berdimuhamet - Türkmenistanyň at gazanan artist Batyr Çaryýew
2. Mälikguly aga - Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew
3. Mälikguly (ýaşlygy) - artist Amanmuhmmet Ataýew
4. Ogulbäbek - artist Selbi Babilowa
5. Mody başlyk - Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew
6. Han Geldiýewiç - Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Durdyýew
7. Goçgar aga - Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew
8. Zybagül - talyp Şemşat Hojyýewa
9. Suhanberdi - artist Söhbet Serbazow
10. Käkilik - talyp Ogulgöwher Muhammedowa
11. Berkeli aga - Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Kerimow
12. Omar dükançy - Türkmenistanyň at gazanan artisti Sary Saryýew
13. Myrat masat - Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmämmet Ýemşikow
14. Ýazly aga - Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Seýitliýew
15. Ýazly agaň aýaly - Türkmenistanyň halk artisti Enejan Orazmyradowa
16. Ýazly agaň gelni - artist Oguljahan Täçgeldiýewa
17. Ýezden Mürzäýewiç - Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksat Hydyrow, artisti Merdan Tüweleýew
18. Nury poçtalýon - okuwçy Resul Mämmedow
19. Owadan - talyp Mährijemal Saparowa
20. Amanguly - okuwçy Kadyraly Muhammetgulyýew
21. 1-nji milisioner - artist Döwran Hojageldiýew
22. 2-nji milisioner - artist Atajan Annaberdiýew
23. Awtor - artist Batyr Çaryýew
Köpçülik sahnalarda: teatryň artistleri, teatr studiýasynyň talyplary, mekdep okuwçylary.