Teatryň režisýory E.Işangulyýewiň sahnalaşdyran, dramaturg N.Rejebowyň “Dessembil” sahna eserinde bagtyýarlyk döwrümiziň durmuşy beýan edilýär. Telekeçi Jumman dessembilden, ýagny, mazydan anbary-kokunar ýasamagyň ugruna çykýar. Dogrudanam, hoşboý ysy bilen dessembile taý geljek başga bir zat ýok. Özem biziň ýurdumyzda bitýän ösümlik. Eger çynlakaý ugruna çykylsa, bu asylly maksadyň amala aşaýmagy mümkin-ä. Häzirlikçe welin ugrugyberenok.
Spektaklyň ikinji gahrymany Mergen käri boýunça kompozitor, emma döredýän aýdym-sazlary şowsuz çykýar.
Iki gahrymanymyzyňam işi diňe aşyk bolanlaryndan soň, rowaçlanyp ugraýar. Jumman Şirinşekere, Mergen Söýlügözele aşyk. Olaryň söýgüleri rowaçlanyp ugransoň, işlerem ýola düşýär. Jumman-a taýsyz parfýumeriýa önümini öndürýär. Mergeniňem aýdym-sazlary ýokary derejelere galýar.
Elbetde, bu ýerde dramadaky wakalary şeýle yzygiderlilikde, häsiýetleriň haýsydyr bir hereket ýa söz arkaly, pikir çaknyşygy zerarly ýüze çykmagyny gazanyp bilýän awtoryň ynsan gatnaşygynda esasy zadyň köňülleriň birligindedigini nygtajak bolýandygy bellidir. Eýsem näme, durmuşdaky şowlulygy gazanmak üçin işe ýürek bilen ýapyşmak gerek. Ýürek bilen ýapyşmak üçinem arassa, beýik maksadyň, gowy arzuwyň bolmagy gerek. Ine, awtor bu sahna eserinde ýaşlary şonuň ýaly maksada gulluk etmäge çagyrýar.
Sahna eserinde gahrymanlaryň gepleşikleri, gatnaşyklary, hereketleri ýeňil okalýar, sada hem düşnükli ýaly, ýöne siňe seredip, manysyny tirip otursaň,olaryň köpüsiniň esasy manylaryndan başga göçme manylarynyňam bardygy duýulýar.
Eser awtoryň ýene bir aýratynlygyna ünsüňi çekýär. Olam N.Rejebowyň gahrymanlarynyň ýiti dili, eseriň umuman dil baýlygy. Köne sözleriň, her-hili üýtgeşik adam atlarynyň bolmagy, goşga öwrülesi gelip duran replikalaryň bolmagy muňa mysaldyr. Ýaşlary döwre görä täzeçe pikirlenmäge çygyrýan sahna eseri.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄRLER:
1.Maşdy Mäneli - Türkmenistanyň at gazanan artisti M.Hydyrow.
2.Aýsuluw - Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Abdyrahmanowa.
3.Söýligözel - artist S.Babylowa,
4.Eziz - artist S. Serbazow.
5.Jemile - artist D.Meläýewa, artist Ş.Kasymowa,
6.Gülziba - Türkmenistanyň at gazanan artisti G.Tahyrowa.
7.Jumman - artist A.Annaberdiýew.
8.Jelil Kürenowiç - Türkmenistanyň at gazanan artisti S.Saryýew.
9.Güljemal - Türkmenistanyň at gazanan artisti J. Paltaýewa.
10.Şirinşeker - artist M.Saparowa.
11.Mergen - artist D.Hojageldiýew.
12.Godana - artist T.Amangulyýew,
Köpçülik sahnalarynda – teatryň artistleri.