Sahna oýny söýgi barada. Birnäçe ýyldan soň, Ilýin uruşdan öň, ýaşap giden şäherine dolanyp gelýär. Ýaşlyk söýgüsiniň öňki salgyda ýaşaýandygyny ýa ýaşamaýandygny bilmek üçin, ol täze tanşy Zoýanyň garşylyk görkezmesine garamzadan Tamaranyň ýanyna gidýär. Tamarany göreninden onuň öňki duýgulary oýanýar. Tamarada ony ýatdan çykarmandyr.
Ilýin özüniň ullakan bir kombinatyň baş inženeri bolup işleýändigini aýdýar. Onuň üstünliklerine Tamara tüýs ýürekden begenýär. Onuň şeýle derejelere ýetjekdigine mydama-da ynanandygyny aýdýar. Ýöne Ilýin näme üçindir kombinatdaky işini taşlajakdygyny, özüniňem Sibire sürüji bolup işlemäge gitjekdigini aýdýar. Tamarany hem ýany bilen çagyrýar. Tamara onuň bu teklibine razy bolmaýar. Ilýin hoşlaşman, Tamara öýde ýok wagty gidýär.
Tamara Ilýini gözläp başlaýar. Gözlegleriniň dowamynda ol Ilýiniň institutda bile okan ýoldaşy Timofeýew bilen duşuşýar we ondan öz söýgüsi barada geň hakykatlary eşidýär.
Sahna oýnuny teatryň režissýory, “Türkmenistanyň at gazanan artisti” N.A.Laukert sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” G.Şiçanina, saz bezegini B.Kakaýew ýerine ýetirdi.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
Tamara - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” О.Wolkowa,
Ilýin - artist М.Rogow,
Zoýa - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” L.Kosonogowa,
Slawa - artist М.Kustodow,
Katýa - artist D.Selýuminowa,
Timofeýew - artist W.Raut.