31.03.2023 ý. Aşgabat:
tk ru en

Şerif  algydary Salýahyň gelýänini görüp, ejesine gününden zeýrenip başlaýar. Rukiýede ogluna göwünlik bermäge başlaýar. Şol wagt olaryň kireýine ýaşaýan öýleriniň hojaýyny, goňşulary Adile Dudu gelýär-de, bir ýyl bäri tölenmedik jaýyň puluny talap edýär. Bermedik ýagdaýlarynda ertiriň özünde öýlerinden çykaryp kowjakdygyny aýdyp, haýbat atýar.  Şerifiň oňa ýene bir-az garaşmagyny sorap ýalbarmagy-da kömek etmeýär. Ahyry Adile Dudu, bulary jaý tölegini beräýen ýagdaýlarynda-da jaýdan çykarjakdygyny aýdýar. Sebäbi onuň gyzy, kemakylrak Zöhre, Şerifiň inisi Halile gaýybana aşyk bolupdyr. Rukiýe, Halil bilen Zöhräni birikdirmegi teklip edip, musulmançylykda köp aýallyga rugsat berilýändigini ýatladýar. Emma Adile Dudu bu teklibe kes-kelläm garşy çykýar. Puly barka ýeke gyzynyň biriniň ikinji aýaly bolmagyna razylyk bermejekdigini aýdýar. Şerif oňa gysga wagtda inisi Halil bilen gelni Melegi aýrylyşdyryp, guda bolmaklygy teklip edýär. Adile Dudu razy bolýar.

Şerif bir dostuny ymam hökmünde öýlerine getirýär. “Ymam” hem bolgusyz bahana tapyp, Halyl bilen Melegiň nikasyny bozýar.

Şol gije Şeriflere hat gelýär. Hatda Melegiň Izmirde ýaşaýan baý daýysynyň ýogalandygy, bar baýlygynam ýegenine goýandygyny ýazýar. Şerif dessine ýalňyşyny düzetmek bilen bolýar. Olaryň bagty çüwüp, şol gün agşam öýlerine iki sany ogry girýär. Ogrularyň  biri gaçyp ýetişýär-de, birinji gezek ogurlyga çykan, bu işde tejribesi bolmadyk Hilmi ele düşýär. Şerif dessine oňa bir gijelik gelinleriniň adamsy, ýagny wagtlaýyn giýew bolmagy teklip edýär. Şeýle edeninde ony ogurlykda aýyplap, polisiýa tabşyrmajakdygyny aýdýar. Hilmi razy bolýar.

Melegiň owadan jemalyna aşyk bolan Hilmi, bukuda ýatan wagty eşiden hatly gürrüňi  gelnine aýdýar. Gaýynlarynyň oňa nebsi agyryp däl-de, miras galan baýlygyna göz gyzdyryp, täzeden maşgalalaryna kabul etjek bolýandyklaryny düşündirýär.

Ertesi Hilmi Melege talak bermekden boýun gaçyrýar. Şeýdibem öz eden emellerine özleri çolaşan Şerif bilen Rukiýe hiç zatsyz galýarlar.  

Sahna oýnuny “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” А.Rahmanow sahnalaşdyrdy. Egin-eşik boýunça suratkeşi  “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” G.Şiçanina, tansyny goýan “Türkmenistanyň at gazanan artisti” А.Lubines, saz bezegini B.Kakaýew ýerine ýetirdi.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

Halil          -  artist М.Nurmuhammedow,

Melek        - artist А.Baýramowa,

Ruhiýe       - artist А.Balandina,

Şerif         - artist R.Kanibetow,

Ymam       - artist S.Troiskiý,

Hilmi           - artist К.Ataýew.