Edebiýatda söýgi, ahlak mowzugy ýaly hiç wagt garramaýan garramaýan nyşan hökmünde ýaşap gelýän hakyky keşpler hem bolýar. Rüstemiň pälwanlygyň, Lukmanyň tebipligiň, Mejnunyň söýginiň, Karunyň keşbiniň harsydünýäligiň alamaty bolşy ýaly, Ýusubyň keşbi hem edebiýatda owadanlygyň, görklüligiň nusgasydyr. Dünýä folklorynyň iň gowy ýordumlarynyň biri, owadanlykda dünýäni aňk eden Ýusup hakyndaky dürli eýýamlarda we dürli halklaryň arasynda dörän bu rowaýat üç müň ýyldan gowrak wagtdan bäri adamzady haýran edip gelýär. Aslynda arap ertekisiniň esasynda döräp, dini kitaplara, Rabguzynyň «Kasasyl Enbiýa» kitabyna hem giren bu rowaýat biziň eýýamymyzdanam öň ýaýrapdyr diýip çak edilýär. Häzire çenli dünýä dilleriniň onlarçasynda – arap, pars, türkmen, türk, özbek we başga dillerde bu rowaýat esasynda şol kyssanyň esasynda dürli žanrdaky eserleriň 117 nusgasy döredilipdir. Türkmen nusgawy edebiýatynda hem bu temadan eserler döredilipdir. Beýik Magtymguly Pyragynyň “Çekem Ýusup diýe-diýe”, “Söwdügim” goşgulary, türkmen şahyry Alynyň “Kyssaýy Ýusyby”, Nurmuhammet Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessany meşhurdyr. Bu asylly işi dowam etdirip, häzirem meşhur söz ussatlary, dramaturglar, kino we teatr režissýorlary ajaýyp kyssa eserlerini, saz hem sahna eserlerini, çeper filmleri döredýärler.
Olaryň ählisinde diýen ýaly gadymy rowaýatyň mazmuny saklanyp galypdyr. Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan “Ýusup—Züleýha” (awtory B.Suhanow) pýesasynyň mazmunynyň maýasynda hem şol meşhur erteki ýatýar. Ertekide: “Kenganly Ýakubyň birnäçe ogly bar. Ol Ýusuby hemmesinden eý görýär. Beýleki ogullary göriplik edýärler. Ýusup düýş görýär. Atasy onuň düýşüni ýorup, ýurda patyşa boljakdygyny aýdýar. Agalary eşidip, Ýusuby ýok etmegiň ugruna çykýarlar. Ýusuby çöle äkidip, ilki guýa oklaýarlar, soň ony gul edip satýarlar, Ýakuby bolsa Ýusuby gurt iýdi diýip aldaýarlar. Söwdagärler Ýusuby Müsüre äkidip satýarlar. Ertekide täjiriň aýaly, pýesada Züleýha töhmet atyp Ýusuby zyndana saldyrýar. Patyşa düýş görýär, düýşünde derýadan çykan ýedi sany semiz sygry suwdan çykan hor sygyr iýýär. Ýusup şanyň düýşüni «edi ýyl dokluk, ýedi ýylam açlyk bolar” diýip ýorup berýär. Patyşa Ýusuby wezir edip belleýär.
Bu gadymy hem müdimi rowaýaty sahnada görmek isleýän tomaşaçylaryň az däldigini nazarda tutup, Baş drama teatrynyň sahnasynda bu eseri režissýor Eziz Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Dessanyňam, rowaýatyňam iň täsirli, iň bir manyly, çeper ýerleriniň bir ýorduma düzülmegi tomaşaçynyň ünsüni, başdan-aýak dartgynly ýagdaýda (intrigany) saklap bilýär. Spektaklda Ýusubyň gelmegi, ol hakda şäher bazarynda, kerwensaraýlarda, hatda patyşanyň köşgünde, Züleýhanyň töweregindäki zenanlaryň arasynda-da dürli gürrüňler edilýär. Züleýha-da şolaryň biri. Ol Ýusubyň husnuny görüp, aşyk bolup, dünýäni unudýar. Agramyna deňe-deň gyzyl berip bazardan satyn alýar, köşgüne-de getirýär, zyndana-da salýar, ýöne ol sütem bilenem, gahar bilenem, gowy görmek bilenem, hyzmat görkezibem onuň ýüregini eredip bilmeýär. Asyl Ýusup bilen sataşýanlaryň hemmesi haýranu—serasima. Köşkde tagam taýýarlap oturan gelinler onuň ajaýyplygyny görüp, ellerini kesenlerinem duýman galýarlar, zyndana düşen Nanbaýa çenli günälerini birin-birin sanap otyrlar. Garaz, halk arasynda ýaýran rowaýatlarda, miflerde Ýusup hakynda bar bolan gürrüňleriniň iň täsirlileri alnypdyr we ol wakalar garşylyklar ýiteldigiçe barha açylyp, özüne çekýär .
Spektaklyň ahyryna çenli Ýusubyň owadan keşbi üçin ony gul ornunda goýup satýanlaram, baýlygyna baýyrnyp satyn alyp zulum edýänlerem, özüni söýdürjek bolýanlaram ahyrsoňunda Ýusubyň owadanlygynyň onuň ýüregindedigine, saplygyndadygyna, hakykatdadygyna, ýagşylykdadygyna göz ýetirip, ahmyr edýärler, toba gelýärler.
Baş drama teatrynda goýlan bu sahna oýnunda Ýusubyň keşbini teatryň zehinli artisti Döwran Hojageldiýew, Züleýhanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýagül Annaýewa, Mälik täjiriň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow döretdiler. Şeýle hem bu sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri S.Saryýew, M.Hydyrow, A.Ýemşikow dagylar hem keşpleri ýerine ýetirýärler.